Biz Öz Şahsy Düzümimiz Bilen Ýokary Hilli Hyzmatlary Borçlanýarys

Kompaniýamyzyň garaýşy

Häzirki wagtda logistika prosesi “7R” esasy düzgünine laýyk gelmelidir, biz hem şol düzgünleri gyşarnyksyz berjaý edýäris:

- degişli haryt (right product);

- degişli hil (right quality);

- degişli möçber (right quantity);

- degişli wagtynda eltmek (right time);

- degişli ýere eltmek (right place);

- degişli müşderä gowşurmak (right customer);

- degişli çykdajy etmek (right cost).

Biziň maksadymyz – harytlaryňyzy eltip bermek üçin amatly ulag we logistika üpjünçilik zynjyrlaryny gurmak.

Doly Maglumat

Işlerimiz

258

Edilen işler

23468

Geçilen ýol

14893

Tonna ýük

Artykmaçlyklarymyz

Siziň sargytlaryňyzy netijeli, ygtybarly hem-de öz wagtynda ýerine ýetireris.

Takyklyk

Tejribeli işgärlerimiziň kömegi bilen, biz ýük daşamaklyk ýerine ýetirilýän döwründe ýüze çykyp biljek bökdençlikleri azaldýarys we wagtyňyzy tygşytlaýarys.

Ynam

Ýükleri daşamaklygyň nähili çylşyrymly bolmagyna garamazdan, bize ynam etmek bilen, ýüküň abat we ygtybarly eltiljekdigine kepillik alarsyňyz.

Müşderilere hyzmat etmek

Biziň üçin VIP – müşderi ýok! Biz islendik müşderiniň sargydyny möhüm hem wajyp hasaplaýarys. Biz özümizi strategiki işewür hyzmatdaşlary hökmünde görýän müşderiler bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýäris.

Tizlik

Eltip bermek üçin sarp edilýän wagt sizi haýran galdyrar. Wagt resursyny mümkin boldugyndan ygtybarly ulanmagymyz we hereket ediljek ugurda ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň işimize bökdençlik döretmezligi üçin çäre görmegimiz, siziň sargydyňyzy eltip bermek üçin sarp edilýän wagty azaltmakda ajaýyp netijelere ýetmäge mümkinçilik berýär.

Netijelilik

Biz çalt depginler bilen ösýäris, işimize logistika pudagynda innowasion çözgütleri girizýäris, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrýarys, bu bolsa işiň netijeliligine we optimizasiýasyna ýardam berýär.